YKDYSADYÝET

Demir ýoluň ýokarky bölegini düýpli abatlamak boýunça işler alnyp barylýar

«Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynyň ýazmagyna görä, şu günler Bamy-Bereket bekediniň çäginde könelen relsleri täzeler bilen çalyşmak işine gyzgalaňly girişildi. Bu ýerde ýakyn wagtlarda täze polat ýoluň ilkinji on kilometri çekiler.

Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine barýan uly demir ýol böleklerinde şu ýyl jemi elli kilometre golaý relsi çalyşmak meýilleşdirilýär. Köne ýoluň şonça aralygy geljek ýyl Aşgabatdan Türkmenabat şäherine barýan ýollarda-da täzelener. «Türkmendemirýollary» AGPJ Latwiýanyň SIA «HB» kärhanasy bilen uly möçberde polat ýollary getirmek barada şertnama baglaşdy.

Önümleriň ilkinji tapgyry eýýäm abatlaýyş işleri üçin ulanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: