MEDENIÝET

Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň konserti boldy

Türkmenabat şäheriniň «Bitaraplyk» seýilgähinde Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleriniň konserti boldy.
«Türkmeniň toý döwresi» meýdançasynda ýygnanan myhmanlaryň öňünde halk aýdymlaryny, türkmen kompozitorlarynyň dürli döwürlerde döreden eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Olarda häzirki döwrüň ösüşleri, Watanyň waspy ýetirildi. Ynsan duýgularyny inçelik bilen açyp görkezýän aýdymlar hem belentden ýaňlandy. Tansçylar bolsa özleriniň sazlaşykly hereketleri bilen tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar.
Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde guralan konsertde folklor toparlarynyň çykyşlarynda däp-dessurlar açylyp görkezildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: