JEMGYÝET

Kerkiniň howa menziliniň açylyş dabarasy boldy

Şu gün Kerki şäheriniň günbatar tarapynda gurlan howa menzili işe girizildi. Şu waka mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Sagatda ýüz ýolagça hyzmat etmäge niýetlenen howa menzilini «Gündogdy» hususy kärhanasynyň hünärmenleri bina etdiler. Goşmaça jaýlary hem içine alýan toplum iki ýüz on gektar gektar meýdany tutýar. Onuň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy iki müň ýedi ýüz metre, ini kyrk bäş metre metre barabardyr. Uçarlardan başga-da, howa menzilinde dikuçarlary kabul etmek üçin hem meýdança bar. Uçuşlary dolandyrmak üçin beýikligi otuz metr diň galdyryldy. Ýolagçylar üçin niýetlenen jaý bir müň ýedi ýüz otuz inedördül metr meýdany tutýar.
Howa menziliniň kömekçi desgalarynyň hatarynda ýolagçylaryň ýeňil awtoulaglary üçin duralga, awtobus duralgasy, menziliň awtoulaglary üçin ammar, tehniki bölüm, ýangyç guýýan bölüm, ýyladyş-sowadyş ulgamlary, suw desgasy, şol sanda içimlik we beýleki hajatlar üçin ulanyljak suw gorlary, kuwwatly elektrik paýlaýjy desgalar hem-de howa menziliniň işgärleri üçin ýeňil awtoulaglaryň duralgasy bar.
Howa menziliniň işini üpjün etjek, şol sanda uçuşlary dolandyrmak we olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin gerekli enjamlar «Thales» fransuz kompaniýasyndan satyn alyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: