YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň dowardarlary ýüňüň 3,7 müň tonnasyny taýýarladylar

Lebap welaýatynyň dowardarlary ýaz gyrkymyny üstünlikli tamamlap, ýuwulmadyk ýüňüň 3,7 müň tonnasyny taýýarladylar, diýip «Türkmen gündogary» gazeti ýaýar. Olar häzirki günlerde bolsa dowarlary dok we ýyly gyşlatmak maksady bilen degişli taýýarlyk işlerini ýaýbaňlandyrýarlar. Maldarlar tarapyndan şu döwre çenli bedäniň 1564,3 tonnasy taýýarlanyldy. Ätiýaçlyk ot-iýmleri mallaryň gyşladyljak ýerlerine daşamak, kaşarlary we ýyly ýataklary abatlamak işleri bilen utgaşykly alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: