Keramzit önümçiligi ep-esli artdy
Ahal welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän keramzit zawody şu ýylyň geçen alty aýyny ýokary önümçilik görkezijileri bilen jemledi, diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär. Gurluşyk serişdelerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýan bu kärhanada ýanwar—iýun aýlarynda 5 million 909 müň 722 manatlyk keramzit öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatdaky ösüş 111,7 göterime barabar boldy. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan kämil tehnologiýalar keramzit öndürilişini has artdyrmaga şert döredýär.