YKDYSADYÝET

Türkmenistan Türkmenbaşy porty boýunça ýeňillikli hyzmatlary hödürlemäge taýýar  

Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde Russiýanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň wekilleriniň gatnaşmagynda täze ulag geçelgesini döretmek babatda gepleşikleriň geçirilendigi barada «Atavatan-turkmenistan» saýty rus metbugatyna salgylanmak bilen  habar berýär.

Astrahan oblastynyň hökümetiniň wekili Denis Afanasýew yzygiderli deňiz daşamalarynyň oňa gatnaşyjy ýurtlaryň ählisiniň ykdysady ösüşine oňyn täsirini ýetirjekdigini belledi. Onuň aýtmagyna görä, bu täze ulag geçelgesiniň gury ýer bölegi Gyrgyz Respublikasyndna başlap, Özbegistanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty arkaly Russiýa çenli baryp ýeter. 

Habarda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygynyň orunbasary Seýitguly Baýseýidowyň Türkmenistanyň hökümetiniň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belländigi, Astrahan — Türkmenbaşy ugry boýunça ýük akymynyň artdyrylmagy babatda gämi gatnaw kompaniýalaryny çekmäge we Türkmenbaşy porty boýunça ýeňillikli hyzmatlary hödürlemäge taýýardyklaryny mälim edendigi aýdylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: