YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda azyklyk önümleriň öndürilişi artýar

Üstümizdäki ýylyň birinji ýarymynda Lebap welaýatynyň hojalyklarynda gök önümleriň 38,7 müň tonnasynyň öndürilendigi barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär. Neşiriň ýazmagyna görä, beýleki oba hojalyk önümleriniň hem ep-esli bölegi öndürilipdir. Mysal üçin, alty aýda 14,9 müň tonna bakja söwda nokatlaryna ugradylypdyr. Ýetişdirilen miweleriň we ir-iýmişleriň mukdary bolsa 13,4 müň tonna barabar bolupdyr. Ýeralmanyň 72,6 müň tonnasy öndürilipdir. Gazetde bu ýylky görkezijileriň geçen ýylyň degişli döwründäkiden ep-esli artandygy barada ýazylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: