YKDYSADYÝET

Lebapda gowaça ekişi kadaly dowam edýär

Lebap welaýatynda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, ekişi bellenen möhletde we ýokary hilli geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Bu barada welaýat häkimi Şöhrat Amangeldiýew duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentine habar berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde gowaça ekişinde ulanylýan kuwwatly oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ileri tutulýan ugurlaryna ünsi çekdi we gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: