Türkmenabatdaky hususy kärhanada her gün 1 tonna golaý süýt gaýtadan işlenilýär
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Serdar Akmyradowyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hususy önümçiliginde «Peýker» haryt nyşany bilen süýt önümleri öndürilýär.
2017-nji ýylda işle başlan bu hususy önümçilikde her günde 1 tonna golaý süýt gaýtadan işlenilip, «Paýtagt» peýniri, örme peýnir, gaýmak, dorog ýaly süýt önümleri taýýarlanylýar.
Önümleriň hil derejesiniň ýokary bolmagy ugrunda hususyýetçiniň alyp barýan işleri bu azyklyk harytlaryň ak bazarlarymyzda geçginliligini artdyrýar.
Önümçilik üçin zerur çig malyň 30 göterimi telekeçiniň öz hususy fermasynda öndürilýär, galan bölegi bolsa maldarçylyk hojalyklaryndan satyn alynýar.