YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda mallaryň we guşlaryň baş sany barha köpeldilýär

Bu etrapda häzirki wagtda gara mallaryň 83,8 müň başy, dowarlaryň 254,8 müň başy, guşlaryň hem 562,6 müň başy idedilýär. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwrüne görä olaryň baş sanynyň degişlilikde 1,5 göterim, 9,1 göterim we 4,8 göterim artandygyndan habar berýär.

Maldarlar şu ýylyň ýanwar ― noýabr aýlarynda etiň 20,64 müň tonnasyny (diri agramda), süýdüň 78,6 müň tonnasyny  ýumurtganyň hem 25,9 million sanysyny öndürmegiň hötdesinden geldiler. Bu görkezijiler geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydyr. Ilatyň ösen isleginden peýdalanýan önümleriň esasy böleginiň hususyýetçiler tarapyndan öndürilendigi bellärliklidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: