YKDYSADYÝET

Türkmenistana Ýaponiýadan täze tehnikalar gelip gowuşdy

Ýaponiýanyň «Komatsu» kysymly ýer gazyjy tehnikalarynyň nobatdaky tapgyry Türkmenistana gelip gowuşdy. Täze tehnikalar suw hojalygy pudagy üçin niýetlenendir. Döwrebap enjamlar oturdylan täze ekskawatorlar sowadyş we ýyladyş ulgamlary, şeýle-de ýörite monitor arkaly dolandyrylýandygy bilen tapawutlanýar. Ekskawatoryň kuwwatlylygy 168 at güýjüne deň bolup, iş öndürijiligi sagatda, ortaça, 109 kub metre barabardyr.

Türkmenistanyň Ýaponiýanyň «Itochu Corporation» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygynyň netijesinde  «Komatsu» kysymly tehnikalaryň ― buldozerleriň, ekskawatorlaryň we ätiýaçlyk şaýlarynyň ýüzlerçesiniň satyn alnandygy bellärliklidir. Bu tehnikalar suw hojalyk desgalarynda netijeli we ýokary öndürijilikli peýdalanylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: