YKDYSADYÝET

«Daýançly zaman» hususy kärhanasy kisel önümçiligini ýola goýdy

Işini Türkmenabat şäherinde alyp barýan «Daýançly zaman» hususy kärhanasy kisel önümçiligini ýola goýdy. Ol hususy kärhananyň adyny göterýän söwda nyşanly önümiň 800 kilogramyny öndürdi.

Bu hususy kärhana konditer önümleriniň dürli görnüşlerini çykarýar. Onuň ýylyň başyndan bäri söwda nokatlaryna ugradan owranyp duran kökesi 4,6 tonna barabar boldy. Bu geçen ýylyň sekiz aýynda öndürileninden 3,6 tonna kändir. Alma jemli «Aý» bulkasynyň möçberi bolsa 5,5 tonna, «Esasy» guradylan çöregiň möçberi 9,5 tonna ýetdi. Geçen ýylyň degişli döwründe bu önümleri ikisiniň hem bir tonnasy öndürilipdi. Şonuň ýaly-da, mesge huruşly biskwitiň 3,7 tonnasy, žele örtükli biskwitli epmäniň 3,9 tonnasy söwda nokatlaryna ugradyldy. Ak kökeler bolsa geçen ýyldakysyndan iki esse diýen ýaly köp çykaryldy. Olaryň sekiz aýda öndürilen möçberi 43,8 tonna ýetdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: