Himiýa zawodynda alty aýdaky önümçilik 50,7 million manada deň boldy
Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda fosforly dökünleri öndürmek boýunça meýilnama üstünlikli berjaý edildi.
Has takygy, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda kärhana boýunça fosforly mineral dökünleriň 155 müň 600 tonnasy, kükürt kislotasynyň 45 müň 810 tonnasy, plastmassa önümleriniň bolsa 11 tonnasy öndürilip, 101 göterim ösüş depgini gazanyldy.
Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 50 million 703 müň 900 manatlyga deň boldy.