BILIM

Seýitnazar Seýdi adyndakyTDMI-niň alymlary topragyň şoruny azaltmagyň biologik usullaryny işläp düzmäge gatnaşdylar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň biologiýa bölüminiň wekilleri ýurdumyzda topragyň şoruny azaltmagyň biologik usullaryny işläp düzmäge gatnaşdylar. Olar bu işi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň biotehnologiýa barlaghanasynyň işgärleri bilen bilelikde alyp bardylar.

Alymlar mundan beýläk, şor toprakly ýerlere ösümlik galyndylaryny ýaýratmagy teklip edýärler. Olar bu usulyň topragyň şorlaşmasynyň öňüni aljakdygyny tejribede synagdan geçirdiler. Hususan-da, sorbent galyndylaryny ýaýratmak has peýdaly bolup biljekdigini aýdýarlar. Çünki olar daşky gurşawdan belli-belli maddalary saýlap, özüne siňdirip bilýärler. Topragyň organiki böleginiň dargap-emele geliş hadysasynda bolsa duzlar çüýreýär.

Institutynyň alymlary geljekde bu işi Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetindäki kärdeşleri bilen hem dowam etdirmegi meýilleşdirýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: