JEMGYÝET

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynda BMG-niň ösüş maksatnamasynyň çäklerinde praktiki maslahat geçirildi

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň maglumatlar merkezinde wermikultiwirlemä (gurçuklaryň massasyny ösdürip ýetişdirmäge) hem-de mellek ýerlerinde ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmäge bagyşlanan praktiki maslahat geçirildi.

Ol «Türkmenistanyň guraksy sebitlerinde oba hojalyk jemagatlarynyň howa ýagdaýyna durnukly ykdysady işini goldamak» atly BMG-niň ösüş maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi. Oňa Lebap welaýat we Dänew etrap häkimlikleriniň, daýhan birleşikleriniň we hususy bölegiň wekilleri gatnaşdylar.

 

Maslahat iki tapgyrda geçirildi. «Wermikultiwirleme — az çykdajyly we netijeli ugur» atly birinji tapgyrynda kompost (organiki dökün) gurçuklarynyň tebigy belok hökmünde ulanylyşyna bagyşlandy. Onda öý guşlaryny idetmekde kompost gurçuklaryndan tebigy belok hökmünde peýdalanylyşy barada durlup geçildi. Şonuň ýaly-da, ony ýetişdirmek üçin gerekli şertler we bu işiň aýratynlyklary, kompost gurçuklarynyň duşmanlary we olara garşy göreşmegiň ýollary barada gürrüň berdiler. Gurçuklary substratdan (toprakdan, ösen gurşawyndan) aýyrmagyň usullaryny öwretdiler. Maslahata gatnaşyjylar olary ýetişdirmegiň tejribesi bilen hem tanyşdylar.

Ikinji tapgyr melleklerde ykdysady taýdan netijeli ugur hökmünde ýyladyşhana hojalygyny ösdürmäge bagyşlandy. Onda bu ugurdan toplanan tejribe bilen tanyşdyryldy. Maslahata gatnaşyjylar ýyladyşhana gurmak üçin nämeden başlamalydygy, onuň üçin ýeri dogry saýlap almak, ýyladyşhanalaryň we ekinleriň görnüşleri ýaly meseleler bilen tanyşdylar. Şeýle hem, ekinleri ekmek boýunça maslahatlary aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: