JEMGYÝET

Türkmenabat şäherinde ýaş programmaçylaryň arasynda bäsleşik geçirildi

«Dana» bilim merkeziniň Türkmenabat şahamçasy şäheriň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda «Dana programmaçy» atly bäsleşigi geçirdi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny» durmuşa geçirmäge goşant goşmak maksady bilen geçirilen bäsleşige welaýat merkeziniň mekdepleriniň 16-syndan 46 okuwçy gatnaşdy.

Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyr, esasan, nazaryýet we seljeriş bilen baglanşykly boldy. Bu tapgyrda gatnaşyjylar programmamirlemä  degişli bolan sowallara jogap berdiler.

Bäsleşigiň ikinji tapgyrynda, gatnaşyjylar degişli programmalaryň üsti bilen, kompýuterde mesele çözmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Birinji tapgyryň netijeleri boýunça Türkmenabat şäherindäki 28-nji we 41-nji ýöriteleşdirilen hem-de 26-njy we 31-nji orta mekdepleriniň okuwçylary iň güýçlüleriň onlugyna girmegi başardylar. Ikinji tapgyrdan soň bolsa şäherdäki 28-nji orta mekdebiň okuwçylary beýleki bäsdeşlerinden has tapawutlanyp, öňdäki orunlary eýelemegi başardylar.

Ýeňijilere  «Dana» bilim merkezi tarapyndan ýörite sowgatlar gowşuryldy.

Merkez zehinli okuwçylary höweslendirmek maksady bilen öňümizdäki hepdede iňlis boýunça hem bäsleşik geçirmegi meýilleşdirýär. Onuň ýeňijilerine merkezde ýeňillikli şertlerde okamaga mümkinçilik dörediler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: