Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda täze elektrik bekedi işe girizildi
Çärjew etrabynda Lebap döwlet elektrik bekediniň ýanynda gaz turbinaly täze elektrik bekedi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.
Türkmenistanyň energetika pudagynda möhüm orny eýelejek täze elektrik bekedini «Sumitomo Corporation» ýapon kompaniýasy gurdy. Onuň umumy kuwwaty 432 megawata barabardyr. Desgada «Mitsubishi Power, Ltd» ýapon kompaniýasynyň üç sany gaz turbinasy oturdyldy. Olaryň her biriniň kuwwaty 144 megawata barabardyr. Bu turbinalar ekologiýa taýdan durnuklylygy hem-de öňde baryjy tehnologiýalar ulanylyp öndürilendigi bilen tapawutlanýar.