YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda güýzlük bugdaýyň ekişine girişildi

Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berildi.

Lebap welaýatynda bu jogapkärli işe hut şu daýhan birleşiginde başlanmagy ýöne ýerden däldir. Hojalyk ýylyň ýylyna bugdaý we pagta ýetişdirmek boýunça ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Geçen ýyl hojalygyň gallaçylary 1144 gektar meýdanda bugdaý ýetişdirip, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýyl bolsa 1000 gektar meýdana bugdaý tohumy sepiler. Indiki ondan 4070 tonna hasyla garaşylýar.

Şu möwsümde Lebap welaýaty boýunça 130 müň gektar meýdana güýzlük bugdaý ekip, geljekki tomusda ondan 310 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirilýär.

Ekişe badalga berilmeziniň öň ýanynda oba hojalyk hünärmenleri bilen maslahat geçirildi. Onda ýerleri ekiş taýýarlamak, iş döwründe tehnikalaryň güýjünden ýerlikli peýdalanmak, tohumy agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ekmek we beýleki meselelere seredildi.

Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda bu döwürde ulanyljak tehnikalaryň ählisi abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýuldy. Olaryň 202-s sürüji traktorlardyr. Şu möwsümde atyzlara däne ekijileriň 226-sy çykarylar. Tehnikalaryň gurat işlemeklerini üpjün etmek ugrunda hem alada edildi. Etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ýüze çykýan kemçilikleri wagtynda düzetmek üçin ýörite toparlar döredildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: