YKDYSADYÝET

Lebaply ýüpekçiler 1010 tonnadan gowrak pile taýýarladylar

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olar kabul ediş nokatlaryna ýeňil senagatda giňden ulanylýan bu önümiň 1010 tonnadan gowragyny tabşyrdylar.

Bu işe Kerki, Halaç, Hojambaz, Dänew we Çarjew etraplarynyň kärendeçileri hasda saldamly goşant goşdular. Olar welaýat ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny dolandyklary barada habar berdiler. Şonda Kerki etrabynyň ýüpekçileri 85 tonnadan geçirip, Halaç etrabynyň ýüpekçileri 200 tonnadan geçirip, Hojambaz etrabynyň ýüpekçileri bolsa 98 tonnada artyk pile tabşyrdylar. Çärjew we Dänew etrabynyň ýüpekçileriniň taýýarlan pilesi bolsa degişlilikde 174,5 we 140 tonnadan geçdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: