YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda senagat önümleriniň öndürilişi artýar

Üstümizdäki ýylyň geçen on aýynda öndürilen senagat önümleriniň hereket edýän nyrhlardaky bahasy 18168,5 milliona manada barabar boldy. Onuň 71,8 göterimi nebitgaz toplumynyň kärhanalaryna degişlidir.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, himiýa, ýangyç, ýeňil, gurluşyk materiallary we azyk senagaty kärhanalarynda ösüş gazanyldy. Elektrik energiýasyny (64,5%), nah matalary (41,5%), nah ýüplükleri (25,4%) sementi (14,5%) öndürmekde düýpli ösüşler gazanyldy.

Şu döwürde sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna galan önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 5866,6 million manada barabar boldy. Onuň 73,9 göterimi daşary ýurtlara eksport edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: