YKDYSADYÝET

«Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan 130-a ýakyn guýy abatlanyldy  

«Türkmennebit» döwlet konserni boýunça düýpli abatlaýjylaryň tagallasy bilen gaýtadan hatara goşulyp, önümçilige tabşyrylan guýularyň sany 129-a ýetdi. Munuň özi göz öňünde tutulandan 22 guýy köpdür.

Abatlaýjylaryň yhlasy bilen bu döwürde 14 müň 670 tonna «gara altyn» alnyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugradyldy. Täzeden herekete girizilen guýularyň hasabyna çykarylan «mawy ýangyjyň» möçberi bolsa 3 million 900 müň kubmetre barabar boldy. Bu işde «Türkmennebit» döwlet konserni «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Balkan welaýatyndaky guýulary abatlaýjy müdirlikleriniň işgärleri önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden nebitgazly guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda yhlasyny gaýgyrmaýarlar. 

Bu barada «Nebit-gaz» gazeti habar berýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: