Çärjew etrabynda şu gün işe girizilen täze elektrik bekedinde Merkezi Aziýada ilkinji bolup, «Sumitomo Corporation» we «Mitsubishi Power, Ltd» tarapyndan üpjün edilen gaz turbinalarynyň ulanylýandygy barada şahadatnama gowşuryldy.
Şonuň ýaly-da, desganyň ekologiýa taýdan durnukly hem-de öňde baryjy tehnologiýaly elektrik stansiýasydygy baradaky laýyklyk sertifikaty hem berildi.