YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynyň çäginde gurluşyk materiallarynyň täze gorlary ýüze çykaryldy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasy tarapyndan Kerkiçi şäherçesinden Mekan obasyna çenli aralykda dürli gurluşyk materiallarynyň gözleg işleri geçirildi.

Berjaý edilen işleriň netijesinde bu meýdançada gurluşyk meýdançalary üçin zerur bolan çägäniň, çagylyň, toýunyň we dolomitiň gorlary kesgitlenildi. Olar geljekde gurluşyk önümlerini öndürmekde peýdalanylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: