YKDYSADYÝET

Agyz suwunyň täze ýatagynyň gory takyklanylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň işgärleri Köýtendag etrabynyň Zarpçy obasynyň ilatynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen ýerasty süýji suwlaryň ýatagynyň gözleg işleriniň ilkinji tapgyryny tamamladylar.

Hünärmenler berjaý edilen işler barada hasabat taýýarlap, işleriň ikinji tapgyryna girişmäge esas döretdiler. Bu işler «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamasynyň» çäginde alnyp barylýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: