YKDYSADYÝET

Ykdysadyýetiň hususy sektorynda etiň öndürilişi üç esse gowrak artdy

Lebap welaýatynyň telekeçileri üstümizdäki ýylyň alty aýynda 105 tonna ýakyn et öndürdiler. Bu geçen ýylyň birinji ýarym ýyly bilen deňeşdirende, 71 tonna diýen ýaly köpdür. Şeýlelikde, lebaply hususy maldarlar etiň öndürilişini geçen ýylyň degişli döwründäkisinden 3 esse gowrak artdyrdylar. Hususyýetçileriň sürülerinde jemi 14 müň 110-dan gowrak mal bakylýar. Olaryň 5 müňden gowragy iri şahly, 9 müň 100-e ýakyny maýda mallardyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýat bölüminiň berýän maglumatlaryna görä, maldarçylyk bilen meşgullanýan telekeçileriň 70-i bellige alnypdyr. Bu pudakda 160-dan gowrak adam zähmet çekýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: