YKDYSADYÝET

«Sahawatly toprak» daýhan hojalygy ýyly üstünlikli tamamlaýar

«Sahawatly toprak» daýhan hojalygy 230 tonnadan geçirip «ak altynyň» hasylyny aldy. Munça hasyl 161 gektar meýdan ýetişdirildi.

2018-nji ýylyň oktýabr aýynda döredilen daýhan hojalygyna Döwlet etrabynyň çäginde 1741 gektar meýdan bölünip berildi. Geçen güýzde şunça ýeriň 900 gektaryna bugdaý tohumyny sepilip, tomusda 1400 tonna golaý hasyl alyndy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararyna laýyklykda, 99 ýyllyk möhlet bilen berlen ýeriň 30 göterimine başga ekinler ekilýär. Şu ýyl gowaçadyr bugdaýdan başga-da, arpadan, gawun-garpyzdan we mäşden hem ýokary hasyl alyndy. Has takygy, 110 gektar meýdana ekilen arpa 120 tonna hasyl berdi. 65 gektarlyk gawun-garpyzdan bolsa 1300 tonna hasyl alyndy. 5 gektar meýdana ekilen mäş bolsa 7,5 tonna hasyl eçildi.

Hojalygyň hünärmenleri ýakynda 1250 gektar ýerde bugdaý ekişini hem üstünlikli tamamladylar. Häzir bugdaýa ideg işleri dowam edýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: