YKDYSADYÝET

Ýene altmyşa golaý hojalyga tebigy gaz berildi

Saýat etrabynyň Saýat şäheriniň Garagum çölüniň eteginde peýda bolan täze ilatly ýerlerini gazlaşdyrmak işleri üstünlikli tamamlandy.

Munuň üçin umumy uzynlygy 1500 metrden gowrak gaz geçirijisi çekildi we gaz paýlaýjy nokatlar oturdyldy. Şeýle işler etrabyň beýleki ýerlerinde hem alnyp barylýar. Şonuň netijesinde «mawy ýangyçdan» peýdalanýan hususy hojalyklaryň sany barha artýar. Ol häzirki wagtda 17274-e barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: