JEMGYÝET

Astrahan — Moskwa ralli-reýde türkmen sürüjiler ähli baýrakly orunlary eýelediler

«Moskwa — Astrahan» ugry boýunça geçirilen «Ýüpek ýoly — 2022» ralli reýde türkmen sürüjileri seriýalaýyn çykarylýan ýolsuz ýerlerden geçmäge ukyply maşynlaryň derejesinde (T2) baýrakly orunlaryň üçüsini hem eýelediler. «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň ýazmagyna görä, Merdan Toýlyýewiň ekipažy birinji, Şamyrat Gurbanowyň ekipažy ikinji, Maksatmyarat Daňatarowyň ekipažy üçünji orunlary eýelediler.

Rallä Astrhan şäjherinde badalga berildi, ol Groznyý, Elista, Wolgograd şäherleriniň üstünden geçdi we Moskwa şäherinde tamamlandy.

Ýaryşa dokuz motosikl, şonça ýük maşyny, 25 ýolsuz ýerlerden geçmäge ukyply maşynlaryň, 14 ähli ýerde ýöreýän motosikl, 3 kwadrosikl we «Pýotryň ýollary bilen» tapgyryň çäklerinde 20 höwesjeň ekipaž gatnaşdy. Geçilen aralyk 4500 kilometre barabar boldy, onuň 2800 kilometri ýörite sport çäkleridir. Gatnaşyjylar bu aralygy on günde geçdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: