YKDYSADYÝET

Lebapda ýüpek gurçugyny idetmäge girişildi

Bu barada Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew duşenbe güni geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Iş maslahatynda häkimiň belleýşi ýaly, pile öndürijiler ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün edilip, häzirki wagtda ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, pile öndürmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Iş maslahatynda sebitiň gündelik durmuşyna degişli başga meselelere hem seredildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: