YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Türkmenabat şäher komitetinde maslahat geçirildi

Maslahatyň esasy maksady partiýa agzalaryny Türkmenistanyň oba-hojalyk pudagyny ösdürmäge goşant goşmaga işjeň gatnaşmagyny gazanmaga bagyşlandy. Oňa komitetiň derňew toparynyň agzalary we ilkinji partiýa guramalarynyň başlyklary, işjeň partiýa agzalary gatnaşdylar. Maslahatda öňdebaryjy partiýa agzalaryny höweslendirmek, olara sowgatlary gowşurmak, öňdebaryjylary partiýa agzalygyna çekmek meselelerine seredildi. Şeýle hem, welaýatda hereket edýän, oba hojalyk pudagyna degişli edara-kärhanalaryň ilkinji partiýa guramalarynyň agzalarynyň öňlerinde duran wezipeler barada-da pikir alşyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: