YKDYSADYÝET

Türkmen benzininiň eksporty artýar

Gökdepe etrabynda ýerlуşýän dünýäde ilkinji bolup tebigy gazdan benzin öndürýän zawod boýunça şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 309 million 835 müň manatlyga golaý önüm öndürildi.

Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende zawodyň önümçilik işinde 156,8 göterim ösüş depgininiň üpjün edilendigini görkezýär. Zawodyň esasy önümi bolsa tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly çykarylýan ECO-93 kysymly benzindir. Bu ýerde ýarym ýylda öndürilen ýokary hilli we ekologik talaplara laýyk gelýän önüm baglaşylan şertnamalar esasynda dünýäniň birnäçe ýurduna eksport edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: