YKDYSADYÝET

Ýod önümçiligi kärhanasynda ösüş depgini ýokarlanýar

 Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki Ýod önümçiligi kärhanasynda ýylyň başyndan bäri 102 göterim ösüş depgini gazanyldy.

Kärhananyň kuwwaty ýylda ýodly taýajyklaryň 250 millionyny, ýodly galamlaryň 50 million sanysyny, diş serişdeleriniň 500 müňüsini öndürmäge niýetlenendir. Bu ýerde göwherli ýaşyl galamlar, lukmançylyk pamyklarynyň dürli görnüşleri, ilkinji lukmançylyk kömegini bermek üçin ýörite serişdeler hem çykarylýar. Ýylyň başyndan bäri kärhanada 4 million 912 müň manatlyga golaý önüm öndürildi. Şonda ösüş depgini 102 göterime barabar boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: