JEMGYÝET

Lebap welaýatynda ilat ýazuwyna taýýarlyk görülýär

Bütin Türkmenistanda bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Şu günler ilatyň arasynda bu möhüm çäräniň maksatlaryny we ähmiýetini düşündiriş işleri dowam edýär. Şonda haýsy maglumatlaryň ýygnalynýandygyny, olara kimiň jogap berip bilýändigine aýratyn üns berilýär. Şonuň ýaly-da, ýazgy geçirýän adamy nädip tanap bolýandygy barada habar berilýär.

Bu çäre 2022-nji ýylyň 17—27 dekabry aralygynda geçiriler. Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazgysynyň baş maksady ilatyň demografik düzümi hem-de ýurduň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr. Bu ýurduň mundan beýläkde ösmegi üçin ygtybarly binýady goýmaga, şeýle hem adam ösüşi üçin maýa goýumlarynyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: