Sowuk we ýyly suw barada
Adam bedeniniň taplanmagy üçin sowuk we mylaýym suwuň peýdasy köp. Sowuk suwa düşmeklik bedeniň işjeňligine oňyn täsir etse, ýyly suwa ýuwunmaklyk bedeniň myşsalarynyň dartgynlygyny gowşadýar. Sowuk suwa ýuwunmak uzakly gün işjeň bolmagyňa täsir edýär. Dem alşy kadalaşdyryp, bedeni kislorod bilen baýlaşdyrýar.
Ynjalykdan gaçan ýagdaýyňyzda hem sowuk suwa ýuwunmak peýdalydyr. Çünki ol beýniniň damarlaryny işjeňleşdirýär. Çalt-çaltdan sowuklaýanlara sagdyn wagty sowuk suwa düşmegi endik edinmek maslahat berilýär. Sowuk suw gan aýlanyşygyny kadalaşdyryp, gany zyýanly ýokançlardan tämizleýär. Şeýle hem sowuk suw derini berkidýär.
Edil sowuk suw ýaly ýyly suwuň hem rahatlandyryjylyk häsiýetleri bardyr. Ol ganyň oksitosin derejesini ýokarlandyrýar. Ýyly suw derini toksinlerden arassalaýar. Yzygiderli gyzgyn suwa ýuwunmak deriniň könelişen öýjüklerini aýryp, hamlykdan saplaýar. Myşsalardaky dartgynlylygyň gowşamagynda hem mylaýym suwuň peýdasy bardyr. Ol myşsalardaky agyrylary aýyrýar. Şonuň üçin agyr türgenleşiklerden soň mylaýym suwa ýuwunmak maslahat berilýär. Gyzgyn suw kelle agyryny aýyrýar.
Taýýarlan Nurana Öwezdurdyýewa,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.