JEMGYÝET

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Lebap welaýatynyň köp ugurly hassahanasynda boldy

Şu gün Lebap welaýatynda saparda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynyň köp ugurly hassahanasynda boldy.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz hassahanada işleriň guralyşy bilen gyzyklandy. Hususanda, bejergi alýan çagalar we olaryň hossarlary bilen duşuşdy. Ol çagalara geljekde haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna paýtagtymyzda  operasiýalaryň ediljekdigini aýtdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň başlygy lukmançylyk işgärleri bilen hem söhbetdeş boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: