JEMGYÝET

Telekeçileriň eksport mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň mejlisler jaýynda maslahat guraldy. «Ähmiýetli halkara başlangyçlar berekediň binýady» at bilen geçirilen bu maslahatda partiýa komitetiniň işgärleriniň hasabatlary we agzalarynyň çykyşlary diňlenildi.

Ýurdumyzda we welaýatymyzda öndürilýän dürli harytlaryň daşary ýurtlara eksport mümkinçiliginiň artdyrylmagynyň ähmiýeti baradaky täsirli gürrüňler çykyşlarda öz beýanyny tapdy. Partiýa agzalary soňky ýyllarda welaýatymyz boýunça hojalyk we senagat harytlarynyň, gurluşyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň günsaýyn artýandygyny bellediler. Munuň bilen bir hatarda eksport mümkinçiliginiň giňelmegine hem uly mümkinçilikleriň döredilýändigi barada nygtaldy. Olaryň işiniň seljermesi daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberiniň we sanawynyň ýylsaýyn artýandygyny görkezýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: