JEMGYÝET

 «Aýdyň gijeler» ýol yşygyny çykaryp başlady

«Aýdyň gijeler» ýol yşyklarynyň önümçiligini ýola goýdular. Häzirlikde ol synag görnüşinde öndürilýär. Onuň birinji tapgyry ulanyja ugradyldy. Şonuň ýaly-da, jemgyýetiň öndürýän önümleriniň sanawynyň üsti diod yşykly pyýada geçelgeçi bilen hem dolduryldy.

«Aýdyň gijeler» Türkmenistanda elektron tehnikalaryny çykarýan meşhur öndürijidir. Bu ýerde kompýuterleri, telewizorlary, swiç-geçelgeleri, routerleri, led-çyralaryny öndürýärler. Şonuň ýaly-da, onuň hünärmenleri mobil telefonlaryny çykarmagy hem özleşdirdiler.

«Aýdyň gijeler»-iň önümleri alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: