JEMGYÝET

Türkmenabat şäher häkimliginde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda Türkmenabat şäher häkimliginde aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň dürli pudaklardan zähmet çekýän gelin-gyzlar, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary, mährem eneler, işewür zenanlar we talyplar gatnaşdylar.

«Halal zähmet — bagtyýar durmuşyň kepili» diýen at bilen geçirilen maslahatda türkmen jemgyýetinde zenanlara goýulýan belent sarpa, olaryň el işlerine berilýän ýokary baha we maşgala durmuşynda olaryň aýratyn orny baradaky çykyşlar diňlenildi. Welaýatyň mährem eneleri öz durmuş tejribelerine esaslanyp, ýaşlara ahlaklylyk, asyllylyk barada öz gymmatly maslahatlaryny berdiler. Soňra maslahat Türkmenabat şäher medeniýet öýüniň aýdymçy-sazandalarynyň joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi.  

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: