MEDENIÝET

Lebap welaýatynda halkara festiwaly başlandy

Şu gün Türkmenabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Senetçilik we amaly haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde foruma gatnaşyjylar we jemgyýetçiligiň wekilleri ýygnandylar.
Binanyň foýesinde senetçilige we amaly-haşam sungatyna degişli eksponatlaryň sergisi guraldy. Myhmanlar ilki bilen oňa tomaşa etdiler.
Bu ýere ýygnanlar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň festiwala gatnaşyjylara iberen gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Soňra medeniýet we sungat işgärleriniň konserti boldy. Ol festiwalyň açylyşyna bagyşlap taýýarlanan edebi-çeper kompozisiýa bilen başlandy. Konsertiň dowamynda bagşylar häzirki zaman aýdymlaryny ýerine ýetirijiler halk we awtorlaryň aýdymlaryny ýerine ýetirdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: