Lebap welaýat kitaphanasynda muzeý eksponatlarynyň tanyşdyryş dabarasy we sergisi guraldy.

Gadymy galalardan tapylan arheologiki tapyndylar oňa gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar gadym döwürlerden bäri türkmenleriň durmuşynda atyň ornunyň uly bolandygyna şaýatlyk edýärler. Olaryň biri — eýerlenen atyň üstündäki çapyksuwaryň heýkeli XII—XIV asyrlara degişlidir. Iç ýüzünde bedew atyň şekili çekilen keramiki gabyň böleginiň bolsa IX—XIV degişlidigi anyklanyldy. Hyýaly atyň çeper keşbi şekillendirilen küýzäniň bölegi hem, takmynan, şol döwürlere degişli. Olaryň ählisi Abywerd galasynda arheologiki gazuw-agtaryş işleri geçirilip ýörlen wagty tapylypdy. Lebap welaýatynyň Murzebegiň galasyndan tapylan atyň toýundan ýasalan heýkeljiginiň bolsa III—V asyrlarda ýasalandygy belli edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: