MEDENIÝET

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda (Türkmenistan) medeniýet öýleriniň ýedisi guruldy

Soňky on ýyl gowrak wagtyň içinde Döwletli etrabynda medeniýet öýleriniň ýedisi guruldy. Olaryň biri 2009-njy ýylda işläp başlan etrap medeniýet merkezidir. Pagtaçy, Tallymerjen, Täze durmuş, Hojahaýran, Hatap we Daşrabat geňeşliklerinde hem her biri 200 orunlyk oba medeniýet öýleri guruldy we ulanylmaga tabşyryldy.
Häzir bu medeniýet ojaklarynda gurnaklaryň 44-si hereket edip, olarda 330 töweregi adam boş wagtlary sungatyň dürli görnüşleriniň syrlaryny ellerine alýarlar. Etrapda «Dürdäne», «Miras» folklor, «Joşgun» we «Dostluk» tans, halk saz gurallary hem-de oba medeniýet öýlerinde çagalar tans toparlary hereket edýär.
Tallymerjen, Hatap we Daşrabat oba medeniýet öýlerinde muzeýler döredildi. Olarda obalaryň taryhy we şu güni bilen bagly maglumatlar saklanylýar.
Etrapda kitaphanalaryň ikisi ― etrap merkezi kitaphanasy we Dostluk şäher kitaphanasy hereket edýär. Olaryň hersinde iki şahamça bolup, olar Tallymerjen, Hojahaýran, Daşrabat geňeşliklerinde we Kerkiçi şäherçesinde ýerleşýärler.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply