MEDENIÝET

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde amaly-haşam sungatynyň sergisi açyldy

Şu gün günüň ikinji ýarymynda Lebap welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde amaly-haşam sungatynyň sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Ondan türkmenistanyň we daşary ýurtlardan gelen sungat işgärleriniň wekilleri çykyş etdiler. Olar medeniýetleriň üsti bilen halklary ýakynlaşdyrýan bu halkara forumunyň ähmiýetini bellediler.
Bu ýerde türkmen wekilleriniň görkezişleri bilen bir hatarda daşary ýurtly myhmanlaryň elleri bilen döredilen sungat eserleri we ýokary çeperçilik deresinde ýasalan zatlar goýlupdyr. Görkezilýän zatlaryň her biri özboluşly ýerine ýetirilişi, milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Syn edýän wagtlary myhmanlar eksponatlaryň görnüşi we mazmuny barada pikir alyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: