MEDENIÝET

Lebap welaýat kitaphanasynyň hünärmeni bäsleşigiň ýeňijsi boldy

Lebap welaýat kitaphanasynyň birinji derejeli usulçysy Akjagül Şamuhammedowa Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň kitaphanaçylarynyň arasynda yglan edilen bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň baş baýragyna mynasyp boldy.

Onuň maksady kitaphanaçylaryň zehinini açyp görkezmekden, ýurdumyzyň ösüşlerini olaryň işleriniň dürli ugurlary arkaly wagyz etmekden hem-de hünärmenleriň kämil iş tejribesini kitaphanalaryň arasynda ýaýratmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglanyşykly, bäsleşige gatnaşýan kitaphanaçylaryň wagyz işine ökdeligine, tejribesine, köpçülikleýin habar beriş çeşmelerinden peýdalanyş ukybyna aýratyn üns berildi.

Kitaphanaçy gelin jemgyýetçilik, köpçülikl işlerine hem işjeň gatnaşýar. Ol Türkmenistanyň kitaphanaçylarynyň arasynda geçirilen bäsleşiklerde ozal hem öňdäki orunlaryň, şol sanda baş baýraklaryň ençemesini eýeledi. Şu ýyl Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna hem gatnaşan kitaphanaçy gelin ýakynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hem mynasyp boldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: