JEMGYÝET

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirilýär

Şu ýylyň 15 ―17-nji fewralynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi geçirilýär. Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar. Sergi 15-nji we 16-njy fewralda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli; 17-nji fewralda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli işlär.

 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: