JEMGYÝET

Ýene bir kitap sergisi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlandy

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Jeýhun şäherçesindäki kitaphana şahamçasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan kitap sergisi guraldy.

«Aýdym-saz daragt bolsa, saýasy Magtymgulydyr» atly kitap sergisinde şahyryň dürli ýyllarda çap edilen goşgular ýygyndylaryny, onuň eserlerine bagyşlanyp ýazylan ylmy we ylmy-populýar eserleri goýdular. Sergide goýlan kitaplar bilen şäherçedäki orta mekdepleriň türkmen dili we edebiýat mugallymlary, ýokary synp okuwçylary ilkinjileriň hatarynda tanyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: