YKDYSADYÝET

Lebap welaýatynda ýüpek gurçugyny idetmek dowam edýär

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri şu möwsümde piläniň 1010  tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler.

Türkmenistan boýunça jemi öndürilýän pilaniň 2300 tonna barabardygyny göz öňünde tutsaň,  onuň ýarymyna ýakynyň lebaply kärendeçileriň paýyna düşýändigini göreris. Halaç etrabynyň ýüpekçileri 200 tonna, Çärjew etrabynyň ýüpekçileri 173 tonna, Dänew hem-de Saýat etraplarynyň ýüpekçileri hem degişlilikde 140 we 132 tonna pile tabşyrmagy maksat edinýärler.

Etraplaryň ählisinde bu möwsüme öňünden ykjam taýýarlyk görüldi. Möwsümiň başynda tejribeli ýüpekçileriň 23 müňden gowragyna 25 müň 250 guty ýüpek gurçugy paýlanyldy.

Sebitiň ähli etraplarynda pile kabul ediş we guradyş sehleriniň pile kabul etmeklige doly taýýar edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: