YKDYSADYÝET

Üç aýda 1,5 müň tonna çörek öndürildi

Kerki çörek kärhanasynda şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 1 müň 514 tonna çörek we çörek önümleri öndürildi.

Bu bolsa meýilnamanyň 111,59 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär. Degişli döwürde öndürilen önümleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 2 million 758 müň 854 manatlyga deň boldy.

Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde çörek we çörek önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde öndürilýän «Ruhubelent», «Altyn däne», «Altyn asyr», «Höwesli» ýaly haryt nyşanly ýokary hilli çörek we çörek önümlerine isleg barha ýokarlanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: