TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenistan ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda: «Dizaýn» ugrundan Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek, Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny, Türkmen alabaý itlerini ýetişdirmegiň milli tejribesini, Türkmen keçe we demirçilik senedini, Türkmen tazysy we elguşçylyk sungatyny, Türkmen milli göreşini Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak zerurdyr» diýip belledi.

Şonuň ýaly-da, döwlet baştutanynyň çykyşynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň şanly 300 ýyllygyny ÝUNESKO-nyň derejesinde bellenýän şanly seneleriň sanawyna goşmak, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedralaryny döretmek, ÝUNESKO-nyň Mekdepler birleşigine ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesini girizmek ýaly meseleleriň öňde durýandygy nygtaldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: