TÜRKMENISTAN HABARLARY

Lebap welaýat polisiýa müdirligine degişli bedew ilkinji bolup pellehana geldi

22-nji aprelde Mary welaýatynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreleriň çäginde at çapyşyklary geçirildi. Ol Marynyň atçylyk-sport toplumynda boldy.
Onda 1200 metr aralyga Lebap welaýatynyň bedewleriniň arasynda geçirilen çapyşykda welaýat polisiýa müdirliginiň Keýmir diýen bedew ýeňiji boldy. Onuň çapyksuwary Maksat Tejenow. Maksat öňden bäri hem çapyşyklarda üstünliki çykyş edip gelýär. Ol geçen ýyl Keýmirde çapyp, ýaşyryşyň baş baýragyna mynasyp bolupdy. 2019-njy ýylda bolsa Gadam atly atda hemmelerden öňe saýlanmagy hem-de baş baýagyň eýesi bolmagy başarypdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply