TÜRKMENISTAN HABARLARY

Köp çagaly enelere «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy

Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak hakynda» Permana gol çekdi.
Oňa laýyklykda, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Olaryň arasynda lebaply eneleriň 26-sy bar.
Resminamada adyň merdana ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, berkarar Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän mynasyp nesli ösdürip we terbiýeläp ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň bitirýän ägirt uly hyzmatlaryny nazara almak bilen kara edilýändigi bellenilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply